Türkmenistan-Eýran: bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

AK ÖÝ
AK ÖÝ
14 بار بازدید - 7 ماه پیش - Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetinde saparda boldular.

Saparyň barşynda iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň degişli bilim edaralarynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde oba hojalygynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gürgen şäherindäki innowasiýa merkezine aýlanyp gördi we ýerli häkimiýetiň wekilleri bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýeti sebitiň oba hojalyk meýdanlary we ýyladyşhanalaryna baryp görüp, maglumat aldylar.
7 ماه پیش در تاریخ 1402/09/12 منتشر شده است.
14 بـار بازدید شده
... بیشتر