Gaýgy Aladalar | Türkmençe Wagyz

DİRİ SÖZLER
DİRİ SÖZLER
...
#Gaygy #Alada #TürkmençeWagyz

Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.
1 Petrus 5:7

Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.
Zebur 54:23

Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin.26 Şu muşakgatly döwürde her kesiň öňki halynda galany ýagşydyr.27 Eger eýýäm öýlenen bolsaň, nikaňy bozma. Heniz öýlenmedik bolsaň, onda gelinlik gözleme.28 Ýöne öýlenseň-de, bu günä däldir. Boý gyz hem durmuşa çyksa günä däldir. Emma durmuş guranlar bu durmuşda köp kynçylyklara duçar bolarlar. Men sizi şolardan goramak isleýärin.29 Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun.30 Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn.31 Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr.32 Men siziň hysyrdyly aladalardan azat bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbiň göwnünden turjak bolup, Rebbiň işlerini alada edýändir.33 Emma öýlenen kişi öz aýalynyň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir.34 Şeýdip, onuň kalby ikä bölünendir. Ärsiz aýal ýa-da durmuşa çykmadyk gyz Rebbiň işleriniň aladasyny edip, özüni jan-tenden Rebbe bagyş edendir. Emma ärli aýal öz äriniň göwnünden turjak bolup, bu dünýäniň işlerini alada edýändir.35 Men bulary sizi çäklendirmek üçin aýtmaýaryn. Tersine, tutuş kalbyňyzy Rebbe bagyş edip, dogry ýaşaryňyz ýaly, siziň peýdaňyza aýdýaryn.36 Eger ýigit heser oduna çydaman, öz adaglanan gyzyna bolmalysy ýaly garamasa we öýlenmek kararyna gelse, goý, öýlenibersin, bu günä däldir.37 Emma ol öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, bu babatda mätäçligi bolman, özüne erk etmegi başaryp, berk karara gelen bolsa, onda ol gowy edýär.38 Şunlukda, adaglysyna öýlenýän gowy edýändir. Öýlenmeýän bolsa ondan-da gowy edýändir.39 Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr.40 Ol dul aýal dullugyna galsa, has-da bagtyýardyr. Bu meniň pikirim. Men bolsa özümde Hudaýyň Ruhy bar diýip hasaplaýaryn.
1 Korintoslylar 7:25-40

Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.29 Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.30 Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».
Matta 11:28-30

همه توضیحات ...